- ämert
- Çemesiz, tagaşyksyz, gödek, başarnyksyz, oňaýsyz, erbet, ýaramaz.∙ Emma Sähet öz dosty Aman poşçynyň ämert häsiýetlerine beletdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Hernä başymyzdan sowuldy, ämert göhert -- diýip, ol ýene söze başlady. (A. Gowşudow, eserler)∙ Ämert hereket bilen talap etdi. (N. Pomma, Egri Eýikmez)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem ämert - ämerdi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.